ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi

Çilimkes

Çilimkes

Her zaman gol salyp, kisesin barlap,

Köp dünýäsi bara menzär çilimkes;

Yzzat bilip, bir-birine hödürläp,

Gen tagamy bara menzär çilimkes.

Bir oba gelende, götinläp durar,

Hemrasyny egläp, ýolundan burar,

Aza-köpe baryp, özüni urar,

Zerur isi bara menzär çilimkes.

Içinden urnukdyr, zor berip seplär,

Ýere elin berip, egiler, toplar,

Ol aýyt çagynda «suw» diýip geplär,

Bir ýetmezi bara menzär çilimkes.

Bir ajy tütüni içine salar,

Aklyny, husuny, güýjüni alar,

Keýpi çoh gelende, syryny aýar,

Maslahaty bara menzär çilimkes.

Magrupy diýr, aýtsam çilim sanyna,

Ülpetleri köp ýygylar ýanyna,

Zyýany köp bolar güýç, imanyna,

Bir kysym gedaýa menzär çilimkes.

Türkmen şahyry: Magrupy  (ماغروپی (معروفی