ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi
ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi

Dunyanin

Dunyanin

Eý könül, söýme gülün, hary köpdür dünýänin,

Mal bilen aldar seni, aýýary köpdür dünýänin,

Perdeýi dinin ýakar, zengary köpdür dünýänin,

Söhbetinde bolmagyl,hummary köpdür dünýänin,

Kyl hezar, elbetde, sen,murdary köpdür dünýänin.


Surat eýläp tä ezel, berdi sana akly bejan,

Rahat istäp köhünni, gaflatda goýma bir zaman,

Tä ajal ýeten güni, basgaý garanky bir duman,

Ýüz ukybet birle gelgeý, hem ýene ahyrzaman,

Owwal etmesdir wepa, aýýary köpdür dünýänin.


Terki sünnet olmaýynyz, ahyr öler siz bir güni,

Terki sünnet eýlegen görmez resulnyn görküni,

Aýs-u-asret, mal-u-mülkün, pany ol magsar güni,

Ýygdy dünýä, ýuwutdy, gör, Karunga bermez erkini,

Sudy ýok, gaýgysy çoh, bazary köpdür dünýänin.


Asylarnyn derdine boldy Muhammet pisgadam,

Dogry ýoldan özgäni, alma könülge, kyl adem,

Tanry zikrin dilge al, mümin nysany bu ylym,

Gözde ýasynny syýah et, kirpiginni kyl galam,

Ýogsa ýoldan azdyrar, Seýtany köpdür dünýänin.


Ýygmadylar dünýäni, geçdi, görün, dosty agla,

Zülpükardan özgäni tutmady ol sire Huda,

Ol Zebihulla berur basyny, hak ondan ryza,

Salma könlün her tarap, okalar bir gün kaza,

Hilesi köp, jilwesi, mekgary köpdür dünýänin.


Hasyl eýle ömrüni, eýläp senany dünýäde,

Terki dünýä eýlegil mülki penany dünýäde,

Geç bu jandan, kyl talap, mülki bakany dünýäde,

Munça köp tesnip çekip, kylma jepany dünýäde,

Bu ömür üçin anyn, kärbary köpdür dünýänin.


Mal-u-mülkünden geçip, sen, kybla sary çek özün,

Hak isin terk eýleme, gaflatny goý, sargat ýüzün,

Mesjitden çykma, aman kyl, gol gowustyryp, çökdür dyzyn,

Mundan artyk ne bolar, kylmaz wepa sansyz sözün,

Magrupga nehý etgiji inkäri köpdür dünýänin.


Türkmen şahyry: Magrupy  (ماغروپی (معروفی