ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi
ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi

Suythor

Suythor

Hasrat ile iýmez-içmez, gorkakdyr süýthor,

Gije ýatmaz, gündiz dynmaz, munça sakdyr süýthor.

Dogry bolmaz, tiz basyn, egri taýakdyr süýthor,

Özüni adam tutar, köp bisyýakdyr süýthor,

Gaç kesapatdan ýagynda, hemtabakdyr süýthor.


Ýadyna salmaz ölüm, diýmez: «Hudaýym bardyr!»,

Ýokdur Jennetden umydy, Dowzaha taýýardyr,

Adamynyn ednasy hem aglasy süýthordyr,

Süýthordan ol Huda birle resuly bizardyr,

Ahyret gaýgysy birle isi ýokdur süýthor.


Süýthor anda — Huda dergähinde sermendedir,

Dünýä diýp ýüwrüp, ýelip, daýym isi pul tennedir,

Haýyr kylmaz hiç kime, anlarga Uçmah kandadyr!

Höregi gam-gaýgydyr, günde ýüz mün oýdadyr,

Ol ýygyn birle bolar, Dowzahda tenhadyr süýthor.


Ýanynda haýr-u-sahawatdan gep urmanlar gaçar,

Iýgeni çirkin nejisdir, daýyma awy içer,

Ýa kitap «Kuran» okalsa, dinlemeý, ara açar,

Roza tutmaz hem namaz, bilmez, bu dünýäden geçer,

Bihabardyr ahyretden, wehmi ýokdur süýthor.


Magrupy, sat olmadym, gezdim jahanny her zaman,

Nebsi Seýtandan gutaryp, sen salamat, kyl aman,

Men ki bir asy günähkär, il arasyda ýaman,

Sul jähetden howp eder men, bolmasyn ahyrzaman,

Rahaty ýokdur ana, gorgeý syýasat süýthor.


Türkmen şahyry: Magrupy  (ماغروپی (معروفی