Karwan gelmese
Bilmenem ne syrdyr, niçik gerdisdir,
Mundan anda giden karwan gelmese;
Bilmenem magsarda ne bolar halym,
«Ummat» diýip, pahry-jahan gelmese.
Bilbili aýyrma näzenin gülden,
Sunkarym uçurma serimden, goldan,
Ýaranlar, bereket aýrylar ilden,—
Ýerden zat çykmasa, baran gelmese.
Bu bäs günlük döwran bizden geçende,
Gara ýer — aždarha agzyn açanda,
Göwher peýda bolmaz derýa içinde, –
Gudrat bilen ebri-neýsan gelmese.
Aýrylyp men ganatymdan, ýelekden,
Gutulmadym bu söwdadan, kelekden,
Zor eýledi, giläm çohdur pelekden,
Hak özünden derde derman gelmese.
Günäkärem, howpum köpdür, gümanym,
Magsar güni ýoldas bolsa imanym,
Magrupy diýr, bisek çykadyr janym —
Ol hak resul atly ýaran gelmese.
Türkmen şahyry: Magrupy (ماغروپی (معروفی