Ýatmagyn
Göwnüm, sana bir nesihat bereýin,
Gapyl, gaflat içinde sen ýatmagyn;
Bir kisi «gel» diýip, innek etmeýin,
Öz göwnünden gubar baglap gitmegin.
Tanyrmyn göwheri — bir zerre dasdyr,
Tanalmadyk ýerde bahasy bäsdir,
Akly bolan biler, bu dünýä hiçdir,
Tanalmagan ýerde gadryn satmagyn.
Bihuda gezmegin, uçrarsyn derde,
Ryzkyn bolsa, alla ýetir her ýerde,
«Aç» diýip gaýgyrma, dogry bar merde,
Zynhar muhannese ýüzün tutmagyn.
Magrupy, sen guwanmagyn malyna,
Magsar güni serederler halyna,
Eden isin bir-bir geler alnyna,
Halal malyn haramyna gatmagyn.
Türkmen şahyry: Magrupy (ماغروپی (معروفی