Zamandyr diyme
Gel, könül, nesihat esitgil bizden,
Biwepany baky zamandyr diýme;
Hakyn ryzasyna bagla bilini,
Herne hökm eýlese, ýamandyr diýme.
Ajal gelse, bir dem goýmaz zamanyn,
Ganymat bil munda galsa nysanyn,
Gahar aklyn alar, kine imanyn,
Ynan bu sözlere, gümandyr diýme.
Galandar dek geýen köne salyna,
(Asak) tut pälini, pikir et halyna,
«Döwletim» diýp guwanmagyl malyna,
Ogulsyz döwleti döwrandyr diýme.
Ýatma, ahyretin tohmun ekewer,
Gözlerinden ganly ýaslar dökewer,
Köp ýalbaryp, mert minnetin çekewer,
Muhannes ähline zamandyr diýme.
Söwes gün ýesiri bolsan bir merdin,
Harç etgin hünärin, goç ýigit gördün,
Ýoldasyny taslap gaçan namardyn
Ölende hemrahy imandyr dýýme.
Tagat bilen ötür ýaz bilen gysy,
Gözlerinden akdyr gan bilen ýasy,
«Dogry ýola gir» diýp urgan derwüsi
Dost bilgin özüne, dusmandyr diýme.
Gel imdi, Magrupy, tany ýoluny,
Köp hetdinden asma, bilgil halyny,
Il derdine sarp eýlegen malyny
Peýda bil özüne, zyýandyr diýme.
Türkmen şahyry: Magrupy (ماغروپی (معروفی