Gaytgyl
Serdar, mundan gitsen Tähran ýurdyga,
Sanyn bergen malyn sür-de gaýtgyl!
Ýene gaýdyp öýli oglan dilese,
«Bitmez» diýip, jogabyn ber-de gaýtgyl!
Men biler men gyzylbasyn alyny,
Çekin hazynasyn, urun malyny, .
Üç ýüz öýli ýigitlerin halyny,
Ne sylagy baryn gör-de gaýtgyl!
Ynangyl sözüme, hergiz lap emes,
On gyzylbas bir türkmene tap emes,
Bilsen gyzylbasyn könli sap emes,
Kerweni ýoluksa, ur-da gaýtgyl!
Dostum, yrak bolgul beýle mähnetden,
Gaçawergil sa gazapdan, töhmetden,
Tährandaky üç ýüz öýli ýomutdan
Gelerin, gelmezin bil-de gaýtgyl!
Magrupy diýr, arzym anda ýetirsen,
Ýarlygymny sa aldynda ötürsen,
Gyzylbas ýörese, habar getirsen,
«Bähbit» diýip, tizden bar-da gaýtgyl!
Türkmen şahyry: Magrupy (ماغروپی (معروفی