ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi

At ýagşydyr

At ýagşydyr

Ýigide on bäş ýaşynda

Söýgüli arwat ýagşydyr;

Andan soň köňlüniň hoşy,

Ýarag bilen at ýagşydyr.

Yşksyz ýürekde dert bolmaz,

Zaty namartdan mert bolmaz,

Barça adam jomart bolmaz,

Jaýynda hümmet ýagşydyr.

Gel, nesihat eşit bizden,

Aşa tagam geler duzdan,

Märekede bijaý sözden

Gury üýren it ýagşydyr.

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,

Garrylykda öçer röwşen,

Gylykly-da bolsa herçen,

Gözele summat ýagşydyr.

Atdyr ýigidiň ýoldaşy,

Oguldyr döwletiň başy,

Gyz-da bolsa koňül hoşy,

Ýigide zürýat ýagşydyr.

Ryzkyň dile gaýypdan,

Başyň gutulmaz aýypdan,

Heýwere näkes zagypdan, —

Ötseň müjerret ýagşydyr.

Magrupy, bilgeniň söýle,

Goç ýigitniň waspyn eýle,

At bilen ýaragyň şaýla,

Duşmana haýbat ýagşydyr.

Türkmen şahyry: Magrupy  (ماغروپی (معروفی