ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi
ماغروپی (معروفی) Magrupy

ماغروپی (معروفی) Magrupy

Türkmnyň beýik şahyry Gurbanaly Magrupy, XVIII asyryň türkmen şahyrana däpleriniň görnükli wekili hökmünde tanalýar. Türkmen şahyry türkmen edebiýatynyň taryhyna çeper görnüşde ýazylan ençeme epiki goşgulary we eposlary girizdi

Istar konul

Istar konul

Owwaly kadyr hudadan bir mydar istär könül.

Çün arasat ýowmuda agmal (gerek) istär könül,

Wasla wasyl bolgujy jan içre jan istär könül,

Gylsyratdan geçmäge türgen rowan istär könül,

Jaýymyz jennetde bolsa, jawudan istär könül.


Dürli näzu-nygmat olsa, iýmäge bolsa palaw,

Egnime geýgen lybasym ýüz tümenlik al-ýalaw,

Ol bedew dursa gapyda hos gylykly, hos jylaw,

. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .

Jüpbe, jöwsen, zülpükar, tiri-keman istär könül.


Söwdagärim sud üçin Balhu-Badahsan gitseler,

Esrefi, göwher çyragy, lagly-merjen satsalar,

Gelse myhmanhanaga, gullar agyny tutsalar,

Dasy mermer ak otagda daýyma hem ýatsalar.

Ança döwlet, munça nobag, sunça kän istär könül.


Isigimde dursa daýym menin üçin hasy-aam,

Sa-geda gelse danysyp, görseler az-köp tamam,

Zikri haknyn ýoluda tagatny kyldym elmydam,

Sopular berse azany, kazylar bolsa ymam,

Tilleri burra bolan hagmy-kuran istär könül.


Gussadan dür eýlegil, könül mydama sat gerek,

Dört dasymda jan ýanan gardas gerek, imdat gerek,

Hak ýene kylsa miýesser hem ýakynu-ýat gerek,

Bu könülnin hoslugy ýalançyda zürýat gerek,

Dünýäde ýansa çyragym, bir nysan istär könül.


Bar ylaha, Magrupy, gulnun könlün kyl serferaz,

Hajatyny kyl rowa, tagatny ger köp kylsa az,

Emri boldy bizlere haju-zekat, ruza, namaz,

Hanymanym, herne barym ýoluda kylsamnyýaz,

Aby-köwser, selsebil, hüýri-jenan istär könül.


Türkmen şahyry: Magrupy  (ماغروپی (معروفی